- öýlänçi
- 1) Gepleşik dili Öýlän wagtlary ýagýan ýagyş.∙ Ynha, älem ýaşar parlar asmanda, Bahar wagty biziň Türkmenistanda, şunuň ýaly waka köp üns beriler. Muňa biz tarapda «öýlänçi» diýerler. (A. Kekilow, Söýgi)∙ Öýlänçi ýene turup ugrady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Öýlänçi geldi.2) Öýle bolandan soň başlaýan (okuwçy, işçi, we s. m. hakda).∙ Öýlänçiler gelip başladylar.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.